بانک اطلاعات پزشکی پاراسات Medical Database Parasat

شمایل

* تشریح بیماریها * اخبار روز پزشکی * مسائل خانوادگی * خواندنیها از شهرستانها

ELEKTRIK TOGY BILEN ŞIKESLENME

( به زبان ترکمنی- Türkmen dilinde )
Elektrik togy adamyň bedeninden geçeninde ony gyzdyrýar,bu onda ýanmanyň bolmagyna getrip biler.Bu ýagdaýda ejir çekende elektrik zarýadyň giren we çykan ýerinde ýara bolar.

Elektrik togy bilen şikeslenmäniň nyşanlary we alamatlary:

Duýdansyz güýçli gümpüldiniň sesi ýa-da şöhleli ýalpyldy.

Ejir çekeniň golaýynda elektir togunyň daşy soýulup ýalaňaçlanan çeşmäniň bolmagy.

Ejir çekende huşsuzluk ýagadaý.

Puls gowşak ýa-da düýpden duýulmaýar

Elektir zarýadyň giren we çykan deşikleri(ýaralar)
 

Elektir togy bilen şikeslenme şok we ýanmany döredip, ölüme getirip biler!

Elektir togy bilen şikeslenmede ilkinji kömek:

Eger-de ejir çeken henize çenli elektrik togy bilen gatnaşykda bolsa,onda ilkinji kömegi bermegiňizden öň SIZIŇ etmeli zatlaryňyz şu aşakdakylar:

Howplylygyň sebäbini anyklaň.Toguň hereketini kesiň(tokdürtgiçden simsapagy çykaryň ýa-da umumy ulgamdan elektrik toguny öçüriň).

Eger toguň çesmesiniň öçürilendigine gözüňiz ýetmeýän bolsa,siz elektrik togundan ejir çekeniň ýanyna hiç wagt golaýlaşmaň.

Eger-de siz togy öçürip bilmeýän bolsaňyz,şu aşakdakylary ediň:

Gury agaç taýagyny ýa-da başga elektrik toguny geçirmeýän zat,(rezin) ulanyp,ejir çekenden elektrik togunyň çesmesini aýryň.

Giriş we çykyş ýarasyny tapyň.Ýanan ýerlerine zyýansyzlandyrýlan daňyny daňyň.

Ref.iatp.edu.tm/ilkinjikomek

 

Filed under: آخـریـن مـطـالـب پـزشـکی, ترکمنی Türkmençe, خواندنـیـها از شـهرسـتانهـا

RSS پزشکی

بخشهای تخصصی

RSS تیتر اخبار جدید پزشکی

  • خطایی رخ داد! احتمالا خوراک از کار افتاده. بعدا دوباره تلاش کنید.

آرشیو

آمار سایت

  • 2,637,441 hits
%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: