بانک اطلاعات پزشکی پاراسات Medical Database Parasat

شمایل

* تشریح بیماریها * اخبار روز پزشکی * مسائل خانوادگی * خواندنیها از شهرستانها

Gan toparlary

به زبان ترکمنی

Siz ähli adamlaryň gan toparlarynyň dörde bölünýändigini bilýärsiňiz, ýagny I, II, III we IV gan toparlary. Bu açyşy üçin Awstriýaly alym Kral Landşteýnere Nobel baýragyny berdiler. Gan toparlarynyň açylmagy bir adamyň ganyny beýleki mätäç adama guýmaga, netijede, müňlerçe näsaglary ölümden halas etmäge mümkinçilik berdi. Meselem, I toparly gany islendik näsaga guýup bolýar. I toparyň özüne welin, diňe I toparyň ganyny guýup bolýar.

 

 II we III toparly adamlara diňe birmeňzeş toparly (ikinjä ikinjini, üçünjä üçünjini) gany guýup bolýar. IV toparly adamlara ähli toparly gany guýup bolýar.

 

Gan toparlary şeýle belgilenýär: O(I), A(II), B(III), AB(IV). Bu ýerde rim sany bilen bellenenler gan toparynyň tertip düzgünidir. Uly latyn harplary (A, B, O) bolsa ganyň düzüminde bolan gyzyl bedenjiklerdäki agglýutinogenlerdir. Olar ganyň toparyny kesgitlemekde uly orun tutýarlar.

 

Üns beriň! Her bir adam öz gan toparyny bilmelidir. Ony siz islendik laboratoriýalarda barladyp bilersiňiz. Gan toparyňyz baradaky bellik şahsyýetnamaňyzda bolsa has hem gowy bolar. Sebäbi adam her hili ýagdaýa düşmegi mümkin. Gyssagly ýagdaýda size gan guýulmaly bolsa gan toparyny barlamaga gymmatly wagt gider. Ýöne şahsyýetnamaňyzda bellik bolsa-da gan guýjak wagtyňyz hem toparyny barlap, ony şahsyýetnamaňyzdaky bellik bilen deňeşdiriň.

 

“Saglyk kitabyndan”.

 

 

Advertisements

دسته‌بندی شده در: آخـریـن مـطـالـب پـزشـکی, ترکمنی Türkmençe, خواندنـیـها از شـهرسـتانهـا

RSS پزشکی

بخشهای تخصصی

RSS تیتر اخبار جدید پزشکی

  • خطایی رخ داد! احتمالا خوراک از کار افتاده. بعدا دوباره تلاش کنید.

آرشیو

آمار سایت

  • 2,602,303 hits
%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: