بانک اطلاعات پزشکی پاراسات Medical Database Parasat

شمایل

* تشریح بیماریها * اخبار روز پزشکی * مسائل خانوادگی * خواندنیها از شهرستانها

Adamlaryň saglygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna tagallalary birleşdirip

 

به زبان ترکمنی

Düýn Türkmenbaşy şäherindäki «Serdar» myhmanhanasynda habar beriş serişdeleriniň işgärleri üçin «Žurnalistleriň neşeleriň sarp edilmegi we WIÇ/SPID hakynda habardarlylygyny ýokarlandyrmak» atly üç günlük trening öz işine başlady. Türkmenistanyň neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy komissiýasy BMG ÖM — ÝB BOMKA/KADAP maksatnamasy we onuň ýörite MEDISA taslamasy, şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrlikleri hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy ony geçirmegiň başlangyjy bilen çykyş etdiler.

 

Foruma gatnaşyjylar üçin Merkezi Aziýada neşeleriň ýaýramagynyň çäklerini dolandyrmaga we öňüni almaga ýardam etmegiň BMG ÖM tarapyndan utgaşdyrylýan maksatnamasynyň (BOMKA/KADAP) tanyşdyrylyş çäresi guraldy. Onuň çäklerinde habar beriş serişdeleriniň işgärlerini neşekeşligiň öňüni almak boýunça kampaniýa çekmäge gönükdirilen ýörite MEDISA taslamasy badalga aldy. Diýmek, üç aýyň dowamynda «Geljegimiz neşesiz bolsun» diýen şygar astynda dürli çäreler geçiriler. Bu ugurda eýýäm uly işler alnyp barylýar. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Maglumatlar merkezinde okuw kabineti döredildi we işleýär, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň arasynda yglan edilen logotip kampaniýasy üçin bäsleşigiň jemi jemlenilýär. Ýörite broşýuralar köp müň tiraž bilen çapdan çykarylýar, wideo rolikler, tele we radio gepleşikleriň tapgyry, gazet makalalary taýýarlanylýar. Treningi guraýjylaryň nygtaýşy ýaly, ähli çäreler 2006-2010-njy ýyllarda neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmak we neşe serişdelerine hem-de psihotrop maddalaryna bagly adamlara kömek bermek boýunça Milli maksatnamany goldamaga we durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

 

Mälim bolşy ýaly, ilat arasynda, ilkinji nobatda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş obrazyny wagyz etmek we bu babatda neşekeşlige hem-de neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Häzir bu işe hukuk goraýjy edaralar bilen bir hatarda saglygy goraýyş, bilim edaralary, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary çekildi.

 

Bu babatda habar beriş serişdelerine aýratyn orun degişlidir, olaryň üstüne neşeleriň sarp edilmeginiň we şonuň bilen baglanyşykly howply keselleriň — neşekeşligiň, WIÇ/SPID-iň we başgalaryň meseleleriniň sowatly beýan edilmegini üpjün etmek baradaky wezipe ýüklenildi.

 

Şu ýylyň Türkmenbaşy aýynda Türkmenistanyň neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bütin häzirki zaman dünýäsine wehim salýan bu howply sosial ýagynyň öňüni almaga gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda täze ädim boldy, şol gullugyň işi bolsa hukuk goraýjy edaralaryň we harby düzümleriň, şeýle hem Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň işi bilen ýakyndan utgaşyklylykda guralýar.

 

Treningiň barşynda oňa gatnaşyjylar neşekeşlige garşy göreş alyp barmak boýunça Türkmenistanda geçirilýän işleriň möhüm taraplary, bu sferada halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlary we wezipeleri, şeýle hem bu işde habar beriş serişdeleriniň orny bilen tanşarlar. Seminar tamamlanandan soň diňleýjileriň hemmesine ýörite sertifikatlar gowşurylar. 

turkmenistan.gov.tm

 

 

 

 

 

Advertisements

دسته‌بندی شده در: آخـریـن مـطـالـب پـزشـکی, ترکمنی Türkmençe, خواندنـیـها از شـهرسـتانهـا

RSS پزشکی

بخشهای تخصصی

RSS تیتر اخبار جدید پزشکی

  • خطایی رخ داد! احتمالا خوراک از کار افتاده. بعدا دوباره تلاش کنید.

آرشیو

آمار سایت

  • 2,607,601 hits
%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: