بانک اطلاعات پزشکی پاراسات Medical Database Parasat

شمایل

* تشریح بیماریها * اخبار روز پزشکی * مسائل خانوادگی * خواندنیها از شهرستانها

غفور خوجه Hakykat aýdymy

 

 

غفور خوجه
22 خرداد 1387

 

Hakykat aýdymy

 

(Beýik akyldar M.pyragyň 275 –ýyllyk doglan gününe bagyşlaýan)

Göz açyp göreni

Sözdi, sungatdy.

Göz açyp göreni

Közdi, körükdi.

Şol közli ojakdan

Uçran odlart,

Soň başga ykbala

Çatdy,

Birikdi.

Ol körükde,

ýiti gylyç döredi.

hem gylyçdan yiti,

gylyçdan kesgir ,

neştere barabar

sungat döredi.

atylan ok

ya-da parran gylyçlaň,

güýjüne barabar

goşgy döredi.

ol sungat öyünde, edep öýünde,

ýonaçyň agtygy

göz açdy dünýä.

bu gowgaly dünýä,

gaýgyly dünýä.

ilki oňa

beýik daglar göründi.

ýasalan gorganlar[8],

beýik bynalar

hem azym hünärler

baglar göründi.

Bu umgaly daglar,

Sowuk çeşmeler ,

Hem salgymly sahra ,

Gumly çägeler,

Ýalaňaç çagany

Gujagna basdy.

bu çagaň damary

yssy-dy yssy.

Topragyň synasy ,

Yssy ýürekleri

Seljerýän eken.

Ol sahara ogluny

Bagryna gysdy.

Şeýdip ýonaçynyň agtygy ösdi.

Daglara daýandy,

Berkeşdi ynam .

Jülgeleriň gursagyna sygyndy.

Çynarlaryň saýasyna söýendi.

Giň asmany goçdy,

Buludy goçdy,

Ol şamak batanda

Aýly asmana ,

Nerdywan diredi

Ülkeri ýakdy.

Ýyldyza baý boldy,

Sogrup neşterlerin

Ýollara dökdi.

Soň golda göterip

Közli şapagy,

Gündize çatdy.

Şeýdibem asmanda,

Bu giň jahanyň

Iň gymmatly zadyn,

Kuýaşy tapdy.

Bulut kölgelemän ,

Damja öwrülmän,

Teşne ýatan çöle

ýagmyr dammanda,

ol ýagmyr diledi.

soň çabga syňdy,

ezilen köýnegin,

meňliniň hut özi

saç bagyndan serdi,

zülpünden asdy.

Şeýdip ýonaçynyň agtygy ösdi.

Soň bahar serpildi,

Toprak dalandy,

Söýgi wysal tapman

Mallar dargady!

Dargady kitaplar,

Reýgan kylyndy.

Dargady mekdepler ,

Weýran kylyndy.

Ýöne ýönaçynyň agtygy

Sarsman,

«Bagyr ýaşyn döküp köňül gözünden»

Köňüli dargamady,

Hiç dargamady.

Oň söýgisi meňli ,

Söýgedi[18] il-di.

Gözlegi hakykat ,

Ummandy köldi.

Ol jahany gezen

Uzalan saldy.

Hem aşykdy,

Hemem özi wysaldy.

Ol durşuna owaz,

Giden aýdymdy.

Ol aýdym diňmedi ,

Il gulak asdy .

Ine bu aýdymda ,

Azadyň ogly

Beýik oyragymyz

Ulaldy ,

Ösdi.

 توركمن صحرا مديا

 

 

 

 

 

Filed under: آخـریـن مـطـالـب پـزشـکی, ترکمنی Türkmençe, خواندنـیـها از شـهرسـتانهـا

RSS پزشکی

بخشهای تخصصی

RSS تیتر اخبار جدید پزشکی

  • خطایی رخ داد! احتمالا خوراک از کار افتاده. بعدا دوباره تلاش کنید.

آرشیو

آمار سایت

  • 2,636,964 hits
%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: