بانک اطلاعات پزشکی پاراسات Medical Database Parasat

شمایل

* تشریح بیماریها * اخبار روز پزشکی * مسائل خانوادگی * خواندنیها از شهرستانها

Çaý we adam saglygy

Jana şypa çaý 
 
 
„Çaý“ barada gürrüňe başlamazdan öň bu sözüň nämäni aňladýandygy we nireden gelip çykandygy barada gürrüň bermek zerurmyka diýýärin.Biz adatça „çaý“ sözüne köplenç içgi, gury çaý we çaý ösümligi diýip düşünýäris
Çaýyň watany hasap edilýän Hytaýda ýerine, hiline, sortuna baglylykda çaýyň ýüzlerçe dürli-dürli atlary bar. „Ça“, „ç-ha“, „sha“, „ta“ ýaly atlary bolup, olaryň hemmesiniň hytaý ieroglifinde ýazylyşy birmeňzeşdir. Bu at V asyrlardan bäri belli bolupdyr. Dünýäniň beýleki halklary çaýyň atlaryny hytaýlylardan kabul edip alypdyrlar. Çaýy günbatar ýurtlara portugallar tarapyndan Kanton şäherinden getirip başlapdyrlar. Hindistana, Bangladeşe we beýleki käbir döwletlere hem „çha-dza“ ady bilen ýaýrapdyr. Ýaponlar we koreýler çaýa „týa-tea“ diýip atlandyryp, şol görnüşinde hem Angliýa, Irlandiýa ýaly Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesine ýaýrapdyr.

Çaý ösümligi mydama gök öwsüp oturan, owunjak, ýalpyldawuk, çeýe, kertik-kertik ýaprakly, köpýyllyk ösümlik bolup, onuň boýy ýetişen wagty 2-3 metre çenli ösýär. Adamlar çaý ösümliginiň iňňän çydamly ýönekeý agaçdygyna, idegi onçakly talap edip durmaýandygyna öňräkden bäri üns beripdirler. Çaý agajy amatsyz, hat-da üsti toprak bilen çala örtü-len daşly ýerlerde hem ösüp bilýär. Ol hatda -20 gradus sowuga hem çydap bilýär. Umuman çaý agajy dag jülgelerinde 40-50 ýyl, ýapgytlarda bolsa 60-70 ýyl saklanyp, ykdysady peýda berip bilýär.

Çaý başda Hytaý bilen oňa goňşy ýurtlara, soňra gündogar Ýewropa ýurtlarynda ekilip başlanýar. 1824-1826-njy ýyllarda Ýawa, Sumatra adalarynda, 1834-nji ýylda Gruziýada, 1842-nji ýylda Seýlonda ekilip başlanýar. XX asyryň 30-njy ýyllarynda Afrikadyr günorta Amerikada hem ekilip başlanýar. Her näme-de bolsa, ady agzalan ýerlerde ýokary hilli saýlama çaý berip bilýäni az sanlydyr. Kada boýunça çaý ösümligi deňiz derejesinden 1500-1800 metr beýiklikde ýerleşen, dag plantasiýalarda ösdürilip ýetişdirilipdir.

Çaýyň görnüşleri we sortlary

Çaý içýän adamlar köplenç çaýy esasan onuň ösýän ýeri boýunça tapawutlandyrýarlar (hytaý, seýlon, hindi, gruzin we ş.m.). Botaniki taýdan çaý ösümliginiň ýeke-täk görnüşi bolup, ol özüniň formasy bilen fabriklerde dürli usulda işlenilip bejerilişine görä ýer ýüzünde ýüzlerçe sortlara, görnüşlere bölünýär. Biziň içýän çaýymyz esasan dört tipe: gara, gök, gyzyl we sary çaýa bölünýär. Şeýle bölünişik olaryň daşky görnüşi ýa-da çaýyň gury we demlenendäki reňki bilen kesgitlenmän, eýsem çaý ýapragyny işläp bejermegiň biohimiki prosesinde onuň daşky görnüşini görkezýär. Şol prosesler bolsa, çaýyň tipiniň himiki sostawyna, hoşboý tagamyna we ysyna täsir edýär. Gök çaý taýýarlananda ol towlanyp, guratmak statiýasy geçýän bolsa, gara çaý taýýarlananda towlamak, süllertmek, guratmak we fermentlemek statiýalary bolup geçýär. Gyzyl we sary çaýlar gara çaý bilen gök çaýyň aralygyndaky tiplerdir. Olar fermentlenmedik ýa-da ýarym fermentlenen çaýlar bolup, diňe Hytaýda öndürilýär. Umuman gyzyl çaýlar gara çaýa, sary çaýlar bolsa, gök çaýa ýakyndyr. Sary çaý gol zähmeti bilen ýygnalýar. Dünýäde çykarylýan çaýlaryň uly bölegi gara çaýlardyr.

Çaýyň himiki düzümi

Çaýyň köp ýyllardan bäri içilip, öwrenilip gelinýändigine garamazdan, onuň himiki dü-zümi soňky onýyllyklarda öwrenilip başlandy. Çaý özüniň himiki düzümi boýunça çyl-şyrymly bolup, onuň düzü-mine girýän maddalaryň sany 300-e golaýdyr.

Barlaglaryň görkezişine görä çaýyň 40-50 göterimi suwda ereýän böleklerden durýar. Gök çaýyň ereýän maddasy gara çaýyňkydan köpräkdir. Çaýyň düzüminde aşgarlaýyjy maddalar, efir ýaglary, alkoloidler, aminokislotalar, pigmentler we witaminler bardyr. Şonuň ýaly-da aşgarlaýjy maddalar çaýyň 20-30 göterimini düzüp, 30-dan gowrak polifenol birleşmeleriň çylşyrymly galyndysy bolup, taninden we dürli katehinler-den, polifenollardan we olar-dan önenlerden ybaratdyr. Çaýda beýleki witaminler bilen bir hatarda P witamini hem bardyr. Ýöne şol witaminleriň birnäçesi fabrikde işlenende özüniň belli bir bölegini ýitir-ýär. Dünýäde düzüminde iň köp P witamini bolan ösümlik çaýdyr.

Çaý we adam saglygy

Çayyň kesel bejeriş häsiýetini adamlar gadym wagtlardan bäri bilipdirler. Çaýdaky P witamini gan damarlarynyň iç ýüzüni berkidýär, içki gan inmäniň öňüni alýar. Irki wagtlarda çaýy suwsuzlygy gandyrýan, üşäňde ýyladýan, gujur berýän, açlygy aýyrýan serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Çaýyň (täze ýapragynyň) kaloriýasynyň bugdaý çöreginden tas 25 esse ýokarydygy diňe soňky wagtlarda belli boldy. Munuň özi çaýda belogyň köpdügi bilen düşündirilýär.

Çaýyň himiki düzümi barada türkmen lukmany S. J. Berdiýewanyň işi hem üns bermäge degişlidir. Ol çaýyň 14 sortuny synag edip, bakterisid häsiýetleri olary sazlaýyjy hökmünde çykyş etmelidigi, şol çalşygyň bozulmagy zerarly döreýän keselleriň öňüni almalydygyny düşündirýär. Dogrudan hem, çaý adamy semremekden saklaýar, bogun agyry keselleriniň we duzlaryň toplanmagynyň öňüni alýar. Mundan başga-da çaý garamükür (singa) keselini bejermekde ulanylýar. Çaý ýürek-damar ulgamyna örän peýdaly täsir edýär. Çaýyň katehinleri bolsa, bagyryň we dalagyň işleýşini kadalaşdyrýar. Damara çaý rahatlandyryjy täsir edip, damaryň gysylmagynyň öňüni alýar, ony giňeldýär we kadaly gan basyşyny emele getirýär. Çaý az-kem gan inmäniň, nemli bardadan, dişiň etinden gan akmagynyň öňüni alýar, hatda çişi hem gaýtarmaga ukyplydyr. Çaýyň täze ýapragynyň suwu-ny, ekstrakty görnüşinde, gury owuntyk görnüşinde teniň ýanan ýerlerini, daşky we içki ýaralary bejermekde, ýürek bulanmasyny aýyrmakda ula-nyp bolýar. Mundan başga-da çaýdan P witamininiň steril preparaty döredilip, ol gan inme we şöhle keseliniň aýratyn agyr ýagdaýlarynda ulanylýar. Ça-ýyň ekstraktlary medisinada morfini çalşyrýan ukladyjy, agyryny aýyrýan serişde hök-münde ulanylýar. Sebäbi bu serişdeleriň narkotikleriňki ýa-ly goşmaça, ýaramaz täsirleri bolmaýar.

Soňky wagtlarda Hytaýda, Hindistanda, aýratyn hem Ýa-poniýada çaý tohumyndan ýag alnyp, oňa szubaki diýilýär. Ça-ýyň ýagy senagatyň köp pudaklarynda ulanylýar. Bu ýag öz düzüminde saponin maddasyny saklaýan we ýuwu-jy häsiýeti bolan sabyn öndür-mekde ulanylýar.

Ýöne elbetde çaý bütin dün-ýäde köplenç içgi hökmünde ulanylýar. Gowy demlenen çaý keýpiňi göterip, ýadawlygyňy aýyrýar, adamyň nerw ulgamy-na oňaýly täsir edýär.

03 August 2008, Sunday

HUDAÝBERDI MÄLIKGULYÝEW, TEJEN ETRABY   
REF:.zamantm.com

 

دسته‌بندی شده در: آخـریـن مـطـالـب پـزشـکی, ترکمنی Türkmençe, خواندنـیـها از شـهرسـتانهـا

RSS پزشکی

بخشهای تخصصی

RSS تیتر اخبار جدید پزشکی

  • خطایی رخ داد! احتمالا خوراک از کار افتاده. بعدا دوباره تلاش کنید.

آرشیو

آمار سایت

  • 2,591,785 hits
%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: