بانک اطلاعات پزشکی پاراسات Medical Database Parasat

شمایل

* تشریح بیماریها * اخبار روز پزشکی * مسائل خانوادگی * خواندنیها از شهرستانها

Howa- Ýaşaýşyň çeşmesi

Atmosferasyz ýaşaýyş ýokdur. Şol sebäpli atmosfera howasy hemişe tebigy arassalygynda saklanylmalydyr. Adamyň daş töweregini gurşap alan sredanyň möhüm komponentleriniň biri-de atmosfera howasydyr. Ýer üstündäki ähli janly-jandarlar, şol sanda ösümlikler üçin hem atmosferanyň ähmiýeti örän uludyr. 

Diňe bir adam üçin günde 11 müň litre golaý howa gerek bolýar. Arassa howanyň düzüminde 78,0 % göterim azot, 20,95% kislorod, 0,03% kömürturşy gazy, 0,01% neon, geliý, metan, kripton, wodorod, ksenon, ozon, ammiak, ýod, radon ýaly gazlar bar. Atmosfera gün şöhleleriniň belli bir bölegini yzyna serpikdirýär we özüne siňdirýär. Ol ýeriň üstündäki janly-jandarlary günüň zyýanly ultramelewşe, rentgen we kosmos şöhlelerinden goraýar. Atmosferanyň ýokary araçäginde gün şöhlesiniň ýylylyk berijiligi takmynan 2,00 kal/sm²-min. bolup, ol ýer üstüne ýetende ep-esli azalýar. Radiasiýanyň ýer üstüne azaldylan görnüşde gelmegi, atmosferanyň üstünden geçende hil we mukdar taýdan özgermekligi bilen düşündirilýär. Atmosfera şeýle hem biziň Ýerimizi meteoritlerden (asman daşlary) gorap saklaýar. Meteoritleriň köpüsi Ýeriň üstüne ýetmän atmosferada ýanýarlar.
Atmosferanyň kömegi bilen ses ýaýraýar. Atmosferanyň we ýeriň üstündäki suwlaryň arasynda suw aýlanyşygy bolup geçýär. Suw buglary atmosferada kondensirlenýär we bulutlar emele gelýär. Atmosfera bolmadyk bolsa ýeriň üsti gündizine 120 gradusa çenli gyzardy, gijelerine bolsa 160 gradusa çenli sowardy. Atmosfera tebigatda, ýaşaýyşda örän möhümdir. Ol kislorodyň ýeke-täk çeşmesi bolup, adamyň saglygy üçin zerurdyr.

Atmosferasyz ýaşaýyş ýokdur. Şol sebäpli atmosfera howasy hemişe tebigy arassalygynda saklanylmalydyr. Onuň hapalanmagynyň öňi alynmalydyr. Soňky ýyllarda tehnikanyň çalt depginler bilen ösmegi, adamyň hojalyk işiniň artmagy, tokaý ýangynlary, wulkan atylmalary, senagat, transport tüsseleri, dürli zyýanly, zäherli taşlandylar, tozanlar atmosferanyň hapalanmagyna getirýär. Howanyň hapalanmagy esasan-da kömürturşy gazynyň möçberiniň artmagyna getirdi. Howada kömürturşy gazynyň möçberi 4%-e ýetse, onda ýerde ýaşaýşyň tutuşlygyna togtamagy mümkin.

Kömürturşy gazlary gün energiýasynyň zyýanly şöhlelerini ýeriň ýüzüne aňsatlyk bilen geçirýär. Şol hem Ýerde temperaturanyň ýokarlanmagyna getirýär. Howanyň hapalanmagy aýratyn hem senagat taýdan ösen ýurtlarda – Ýewropada, Demirgazyk Amerikada, Ýaponiýada has ýokary derejededir.

Häzirki wagtda atmosfera Bütindünýä meteorologik guramasynyň ýolbaşçylygynda hemme taraplaýyn öwrenilýär we goralýar. Türkmenistan hem şol gurama 1993-nji ýylda girdi. Tokaý agaçlarynyň, ösümlikleriň kömürturşy gazlaryny özlerine siňdirip, howany kislorod bilen baýlaşdyrýandygy, ýeliň, harasatyň öňüni alýandygy sebäpli Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, atmosferany arassa saklamak üçin Türkmenistanda „Atmosfera howasyny goramak hakyndaky“, „Türkmenistanda bagy-bossanlyga ösdürmek“, „Gökguşak“ we beýleki kanunlar kabul edildi. Şu kanunlary ýerine ýetirmekde halkymyz uly işleri amala aşyrýar. Agaçlar diňe atmosferany arassa saklaman eýsem demirýol we awtomobil ýollaryny çäge syrgynlaryndan goraýar. Seýilgählerde geň-enaýy agaçlar, owadan güller, ýyl boýy gök öwüsýän agaçlar şäherleri, obalary bezeýär.
/zamantm.com

دسته‌بندی شده در: آخـریـن مـطـالـب پـزشـکی, ترکمنی Türkmençe, خواندنـیـها از شـهرسـتانهـا

پاسخی بگذارید

در پایین مشخصات خود را پر کنید یا برای ورود روی شمایل‌ها کلیک نمایید:

نشان‌وارهٔ وردپرس.کام

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری WordPress.com خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

تصویر توییتر

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Twitter خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس فیسبوک

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Facebook خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس گوگل+

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Google+ خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

درحال اتصال به %s

RSS پزشکی

بخشهای تخصصی

RSS تیتر اخبار جدید پزشکی

  • خطایی رخ داد! احتمالا خوراک از کار افتاده. بعدا دوباره تلاش کنید.

آرشیو

آمار سایت

  • 2,591,820 hits
%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: