بانک اطلاعات پزشکی پاراسات Medical Database Parasat

شمایل

* تشریح بیماریها * اخبار روز پزشکی * مسائل خانوادگی * خواندنیها از شهرستانها

Sag egne ýatmak

Alymlar adamyň haýsy egnine ýatsa, şol tarapky burun deşiginiň ýapylyp, ýokardakysynyň bolsa açylýandygyny, şondan hem dem alýandygyny belläp geçýärler. Dem alýan burun deşigimiziň beýnimiziň ýarym bölekleri bilen hem-de simpatik-parasimpatik nerw sistemalary bilen aragatnaşygynyň bardygy hem belli edildi. 

Eger sag egne ýatylsa, onda burnumyzyň sag tarapky deşigi dykylyp, çep tarapky deşigi açyk bolýar. Çepki burun deşigi bilen dem alynsa, beýnimiziň sag tarapky bölegi işläp başlaýar. Bilşiňiz ýaly beýnimiz iki ýagny sag we çep bölekden durýar. Beýnimiziň sag tarapky bölegi işlese, parasimpatik nerw sistemasynyň bedenimizdäki ýerine ýetirýän işleri çaltlaşyp başlaýar. Bu bolsa ýüregimiziň urşunyň haýallamagyna hem-de gan basyşymyzyň peselmegine kömek edýär. Şol sebäpli aşgazanymyzyň hem-de içegelerimiziň ýerine ýetirýän işleri haýallaýar. Şeýlelikde, ýüregimiz az ýadaýar we sähel wagtyň içinde uka gidýäris. Şeýle görnüşde ýatmak biziň arkaýyn ýatyp, dynç almagymyza kömek edýär.
Eger çep egnimize ýatsak nähili bolýarka? Onda burnumyzyň çep tarapky deşijegi dykylyp, biz sag tarapky burun deşigimiz bilen dem almaly bolýarys. Bu bolsa sipmatik nerw sistemamyzyň edýän işini çaltlaşdyrmagyna getirýär. Şeýle ýagdaýda ýatan adam özüni rahat duýmaýar. Bir zatdan gorkanymyzda ýa-da bir zada has köp begenenimizde ýüregimiz nähili çalt urýan bolsa, şeýle çalt urmaga başlaýar. Şu hili ýagdaýlar ýüregimiziň ýadamagyna sebäp bolýar, biziň uklap bilmegimizi kynlaşdyrýar. Sebäbi ýüregiň çalt urmagy gan basyşymyzy ýokarlandyryp, ukymyzy bölüp bilýär.

Arkanlygyna ýa-da ýüzin ýatylanda adam gowy dynç alyp bilýärmikä? Adam ýüzin ýagdaýda uzak wagtlap arkaýyn ýatyp bilmeýär. Şeýle ýagdaýda ýüregimize, öýkenimize we garnymyza agyr ýük basylan ýaly uly agram düşýär. Şonuň üçinem ilki bilen-ä arkaýyn ýatyp bilmeýäris, ýataýanymyzda-da turanymyzdan soň endam-janymyzda erbet agyry duýýarys. Arkanlygyna ýatsak welin ýokardaky aýdanlarymyz bolman biler, emma gijäniň ýaryna çenli uklap bilmeris. Giç uklasak hem, gowy dynç alyp bilmejegimiz hemmämize mälim bolsa gerek. Onsoň irden turan wagtymyz özümizi ýadaw duýýarys. Sebäbi gije arkanlygyna ýatanymyz üçin gündizki ýaly burnumyzyň iki deşigi hem açyk galýar. Gije burun deşiklerimiziň ikisi hem açyk bolsa, onda aşgazanymyzyň hem-de içegelerimiziň ýerine ýetirýän işleri azajyk hem bolsa kynlaşýar.

Muhammet pygamber bir hadysynda „Sag tarapa seredip, iki aýagyňyzy hem sähelçe epip ýatmak adam üçin diýseň peýdalydyr“ diýipdir. Sag tarapa seredip ýatylanda aşgazanymyz we içegelerimiz iň ygtybarly ýagdaýda goralýar, iýen zatlarymyzy siňdirmek has aňsatlaşýar. Alymlar nahardan soň ara wagt salman ýatmagyň hem zyýanlydygyny belläp geçýärler.

Alymlar soňky wagtlarda ýene bir hakykata göz ýetirdiler. Ýagny adamogly ene garnynda wagty sagyna seredip ýatýandygyny ýüze çykardylar. Çaga ene garnynda şeýle halda ýatanda onuň süňklerine örýän myşsalara hiç hili päsgelçilik döränok. Çaga dünýä ineninden soň bolsa şol myşsalaryň kömegi bilen islendik hereketi ýerine ýetirip bilýär. Myşsalarymyzyň iň gowy hem iň rahat dynç alýan wagty bolsa, ene garnyndaky ýaly sag egne ýatylandadyr.
zamantm.com/tm

Filed under: آخـریـن مـطـالـب پـزشـکی, ترکمنی Türkmençe, خواندنـیـها از شـهرسـتانهـا

پاسخی بگذارید

در پایین مشخصات خود را پر کنید یا برای ورود روی شمایل‌ها کلیک نمایید:

نشان‌وارهٔ وردپرس.کام

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری WordPress.com خود هستید. بیرون رفتن /  تغییر دادن )

عکس گوگل

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Google خود هستید. بیرون رفتن /  تغییر دادن )

تصویر توییتر

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Twitter خود هستید. بیرون رفتن /  تغییر دادن )

عکس فیسبوک

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Facebook خود هستید. بیرون رفتن /  تغییر دادن )

درحال اتصال به %s

RSS پزشکی

بخشهای تخصصی

RSS تیتر اخبار جدید پزشکی

  • خطایی رخ داد! احتمالا خوراک از کار افتاده. بعدا دوباره تلاش کنید.

آرشیو

آمار سایت

  • 2,636,864 hits
%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: