بانک اطلاعات پزشکی پاراسات Medical Database Parasat

شمایل

* تشریح بیماریها * اخبار روز پزشکی * مسائل خانوادگی * خواندنیها از شهرستانها

Sazlaşykly maşgala – sazlaşykly terbiýe

Çaga edep-terbiýe bermekde köplenç onuň ýanynda bolýan eneleriň döredijilikli çemeleşmeleriniň uly ähmiýeti bar.
Çagany nähili terbiýelemeli? Çaganyň zehinini ýüze çykarmak, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak üçin maşgala terbiýesinde ýeke-täk, anyk bir ýoly hödürlemek mümkinmi?
Çagalary körpelikden ajaýyp sazlar we suratkeşlik eserleri bilen gurşap almaga ähmiýet berilse gowy bolar. Meselem haýsy eserleri saýlap almaly? Haýsydyr bir anyk zady saýlap almaga köre-körlük bilen çemeleşmän, çaganyň ýaş we häsiýeti aýratynlyklaryna-da pugta üns bermeli. 
Çaga 2-3 aýlykdan üm alyşmaga, özüne gep atylmagyna, „gürleşilmegine mätäçdir. Agasy bilen köp „gürleşýän eneler onuň aňynyň ösüşine uly ýardam edýär.

Köplenç uly adamlaryň çagalar bilen „çaga dilinde“ gürrüňleşmek edähedi bar. Meselem, üwwe içjekmi, honha enne… Şeýle ýagdaý çaganyň sözleýiş diliniň ösmegine ýaramaz täsir edýär. Dogry, dil çykaryp başlan çaganyň sözleýiş synalary gowşak ösensoň, ol käbir sözleri aýdyp bilmeýär. Ýöne munuň özi ulularyňam hut şol „dilde“ gürlemelidigini aňlatmaýar. Çaga „ulularça“ gepläp bilmese-de, ulularyň diline örän gowy düşünýär.

Ata-eneleriň ençemesi durmuşlarynda özleri üçin o diýen ähmiýetli bolmadyk adaty hadysalaryň çaga üçin gorkunç ahwalata öwrülip bilýändiginden habarsyz. Çaganyň ýanynda gorkunç gürrüňleri etmek çaga üçin zyýanlydygyna biziň gowy düşünmegimiz gerek. Hossarlarynyň her gün gaýtalanyp duran dawa-jenjeli, goh-galmagaly çaga nähili täsir edýändir öýdýäsiňiz? Dogry, çaga bu goh-galmagalyň manysyna düşünenok. Şeýle-de bolsa, sögünçler we käýinçler onuň duýgularyna gös-göni täsir edýär. Şeýle maşgalada ösen çaganyň kalby galagoply, dartgynly bolýar. Çaganyň irki ösüşine oňaýly täsir edýän edep är-aýalyň arasynda sazlaşykly gatnaşyk we öýde birek-birege ýakymlylyk döretmekdir.

Il arasynda: „Oglum kakasy ýaly gyzma“, „Gyzym ejesine çekipdir, iş edişi harsal“ diýen ýaly gürrüňler gulagyňa degýär. Meselä siňe seretseň, gep çaganyň kimdir birine çekeninde däl. Çaga häsiýetinde duş gelýän ähli gowy-erbet hereketler onuň doglan gününden başlanýan terbiýä baglydyr.

Köp adamlar çaganyň ösüş döwründe oňa köp zat öwretmek, okatmak, ýazdyrmak bilen başagaý. Ýöne esasy zat çaga pikirlenmegi, oýlanmagy, netije çykarmagy öwretmeli. Ene-ata näme edýän bolsa, çaga bilen nähili gatnaşykda bolsa, şoňa görä çaganyň şahsyýeti kemala geler. Şonuň üçinem özüňi alyp barşyňa üns bermeli.

Eneler dümewlese, çaga ýokuşdyrmajak bolup azar ýamanyny görýärler. Ýöne olaryň käbiri öz häsiýetindäki kemçilikleri çagalaryna geçirmezlik barada aladalanmalydyr hem öýdenok.

Ata maşgalabaşy. Ol maşgalanyň aladasy bilen başagaý bolup, çagalary bilen ýakyndan söhbetdeş bolmaga, terbiýe bilen meşgullanmaga hemişe wagtam tapmaýar. Käbir çagalar bolsa kakasyny agşamlaryna we dynç günlerinde görýär. Şeýle ýagdaýlar hem çaga ýaramaz täsir edýär.

Çaga köpçülik bilen gatnaşykda bolan halatynda gowy häsiýetlere eýe bolup biler. Ejesi, kakasy, doganlary we beýlekiler bilen gatnaşykda bolmak çaganyň aňyny ösdürýär. Onda basdaşlyk, gürrüňdeşlik ýaly duýgular döreýär. Täze doglan çaga läliksiredilse, 2-3 ýaşyna ýetende özdiýenli häsiýete eýe bolup ýetişýär. Bu ýagdaýda çagany dogry terbiýe ýoluna salmak üçin bialaç temmi hem bermeli bolýar. Muny bolsa çaga ýokuş görýär. Şeýle nädogry gurlan terbiýäniň zyýanly netijesinden gutulmagyň, biziň pikirimizçe, ýekeje ýoly bar. Entek bir ýaşyna ýetmänkä çaga tertip-düzgüni öwredip başlamaly. Sebäbi bu döwrüň içinde çaga temmileri göwnüne almaýar.

Çaga irki döwürde öz duýgularyny doly we anyk beýan edip bilmeýär. Şonuň üçinem ata-enäniň çaganyň ruhy ýagdaýyny ýüzünden okamak ukyby bolmalydyr.

Gaharyny getiren zada göz ýetirmän, çaga käýemek ýa üns bermezlik ony has-da garasöýmez we keçjallyk derejesine ýetirýär. Çagada gabanjaňlyk duýgusy ortaça 1,5 ýaşda döräp ugraýar. Ony dünýä täze inen doganjygy-da kejikdirip biler. Bu hasam ilkinji perzende mahsusdyr. Ol entek ýekekä hossarlaryny diňe özüniňki hasaplaýar. Çaga hatda özara gepleşip, özüne üns bermeýän ata-enesini-de gabanyp biler.

Çaganyň islendik kejikmesiniň öz sebäbi bardyr. Ata-ene çaganyň tersine gitmän, bu ýagdaýyň sebäplerini düzetmäge çalyşmalydyr. Käbir ata-eneler çagalar düşünmeýändir öýdüp, ýat adamlaryň ýanynda öz çagalarynyň kemçiliklerini aýdyberýärler. Muny çaga örän ýokuş görýär. Onuň päk, näzijek ýüreginde ata-enesine bolan kitüw döreýär. Şonuň üçinem köpçülikde şeýle ýagdaýyň döremegi gowulygyň peýdasyna däldir.

Dogumly, terbiýeli çaga körpelikden iş etmäge höwesli bolýar. Käte, aýdaly, çaga ejesine kömek bermek isleýär. Meselem, ejesi saçaga nahar daşap ýörkä onda hem şony etmek islegi döreýär. Eneleriň köpüsi bolsa muňa çyr-çytyr garşy çykýar: „Goý, nahary dökersiň, okarany gaçyrarsyň, eliňi bişirersiň“ we ş.m. Eger ene çagasyna bir kiçijik okara sähelçe nahar guýup berse we äkitmäge rugsat berip: „Gör, meniň ballym eýýäm uly adam bolupdyr, maňa kömek etmäge ýarapdyr“ diýse, çagajygyň göwni galkar, onuň ýüreginde şondan soň ejesine başardygyndan kömek etmek islegi oýanar.

Çagajyk entek siziň okap ýetişmedik gazetiňizi ýyrtypdyr diýeli. Sizem gaharyňyza bäs gelip bilmän, gazeti garbap alyp, çaga şarpyk çalsaňyz, ol näder? Tersine, onuň üçin örän gyzykly pişe bolan gazeti ýyrtmaga ýol berip, çagajygy ýa-ha bir köneräk gazeti tapyp berseňiz ýa-da oňa gazet ýyrtmagyň nädogrudygyny düşündirseňiz, bähbitli bolar. Ata enäniň durmuş ýolunyň mekdebe deňelmegi mizemejek bir hakykatyň üstüni açýar: mekdebiň terbiýe bermekdäki derejesine laýyklykda perzentler kemala gelýär. Perzendiň terbiýesiniň gözelligine, kemallylygyna laýyklykda ata-enäniň durmuş ýolunyň manysy, kämilligi ýüze çykýar. Terbiýe dünýäsi syrly dünýädir. Bu jadyly, syrly dünýäniň kämilliklerine aralaşmaga bolan çynlakaý çemeleşmelerimiz milli terbiýämizi gözelleşdirmekde, kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
zamantm.com/tm

دسته‌بندی شده در: آخـریـن مـطـالـب پـزشـکی, ترکمنی Türkmençe, خواندنـیـها از شـهرسـتانهـا

پاسخی بگذارید

در پایین مشخصات خود را پر کنید یا برای ورود روی شمایل‌ها کلیک نمایید:

نشان‌وارهٔ وردپرس.کام

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری WordPress.com خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

تصویر توییتر

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Twitter خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس فیسبوک

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Facebook خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس گوگل+

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Google+ خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

درحال اتصال به %s

RSS پزشکی

بخشهای تخصصی

RSS تیتر اخبار جدید پزشکی

  • خطایی رخ داد! احتمالا خوراک از کار افتاده. بعدا دوباره تلاش کنید.

آرشیو

آمار سایت

  • 2,591,820 hits
%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: