بانک اطلاعات پزشکی پاراسات Medical Database Parasat

شمایل

* تشریح بیماریها * اخبار روز پزشکی * مسائل خانوادگی * خواندنیها از شهرستانها

Ynsan – ylym daragtynyň miwesi

Adamyň durmuşynda ylmyň nähili möhüm orun tutýandygyny birnäçe mysallar arkaly düşündirmek bolar. Ynha, şol mysallardan biri-de ony agaja meňzetmekdir.   Adam ylmyň başlangyjyny ilki ene göwresindekä alyp başlaýar. Isle ruhy taýdan, isle ylmy ýagny biologiýa taýdan çaga enäniň gylyk häsiýetleriniň takmynan 80 göterimini kabul edip alýar, şeýlelik bilen hem ulalýar. Enäniň halala we harama üns bermegi bolsa, çagada emele geljek gylyk-häsiýetleriň tohumlaryny şineledýär. Ata-babalarymyzyň-da aýdyşy ýaly „Şir balasy şir bolar“. Şeýle hem ene göwresindäki çagany heniz ekilmedik, hil taýdan oňat tohuma meňzetmek bolar. Çaga doglandan soň bolsa atanyň maşgalada eýeleýän orny we borçlary goşulyp ony okuw ýaşyna çenli ulaltmak, oňa ýaşaýşyň kanun we düzgünini öwretmek işi başlanýar. Çaga 7 ýylyň dowamynda ene-atasyna seredip, nämeleriň dogry, nämeleriň ýalňyşdygyny anyklaýar. Şoňa görä ene-atasynyň edýän işleri dogry, etmeýän zatlary bolsa ýalňyş ýa-da gereksiz ýaly bolup görünýär. Çaga edil kompýuter ýaly olaryň her eden işini we aýdan sözüni aňyna ýazyp alýar. 7 ýaşyna ýetende bolsa ylym almagy üçin ene-ata ony mekdebe iberýär. Mekdebi agajyň topragyna meňzetmek bolar. Şonuň üçin hem ene-ata çaganyň mekdepde aljak bilimine üns bermeli. Bu hem ene-atanyň borçlarynyň biridir. Şol topraga jan berýän suw bolsa mugallymdyr. Adamyň ýaşaýşynda suwuň orny nähili wajyp bolsa, ylymda mugallymyň ýeri-de şonuň ýaly möhümdir. Mekdep çaga üçin ikinji öý, mugallym bolsa ikinji ene-atadyr. Şol sebäpden suwuň ýagny mugallymyň dury we päk bolmagy zerurdyr. Mugallym haýsy okuwça nämäni nähili bermelidigini gowy bilmelidir. Sebäbi her agajyň suwa bolan islegi deň däldir, käbiri az, käbiri köp suw talap edýär. Eger-de şol terezide ýalňyşsaň, agaçdan miwe alyp bilmersiň ýa-da ony guradarsyň. Mugallymyň beren bilimi bilen okuwçylaryň mekdep ýaşyna ýetinçä öwrenen zatlary birleşip, agajyň şahalary ýagny gylyk-häsiýetleri emele gelýär.
zamantm.com/tm

دسته‌بندی شده در: آخـریـن مـطـالـب پـزشـکی, ترکمنی Türkmençe, خواندنـیـها از شـهرسـتانهـا

پاسخی بگذارید

در پایین مشخصات خود را پر کنید یا برای ورود روی شمایل‌ها کلیک نمایید:

نشان‌وارهٔ وردپرس.کام

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری WordPress.com خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

تصویر توییتر

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Twitter خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس فیسبوک

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Facebook خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

عکس گوگل+

شما در حال بیان دیدگاه با حساب کاربری Google+ خود هستید. بیرون رفتن / تغییر دادن )

درحال اتصال به %s

RSS پزشکی

بخشهای تخصصی

RSS تیتر اخبار جدید پزشکی

  • خطایی رخ داد! احتمالا خوراک از کار افتاده. بعدا دوباره تلاش کنید.

آرشیو

آمار سایت

  • 2,591,820 hits
%d وب‌نوشت‌نویس این را دوست دارند: